Turkmenportal logo
30.01.26
1634316343
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Arkadag» Türkiýedäki ýygnanyşygynda Gurban Berdiýewiň ozal tälim beren toparyndan utuldy

Türkmenistanyň «Arkadag» futbol kluby Türkiýede geçirilýän okuw-türgenleşik ýygyndysynyň çäklerinde geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda Mahaçkalanyň «Dinamo» toparyndan utuldy.

Belek şäherinde geçirilen duşuşyk russiýaly klubyň peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlandy. Oýundaky ýeke-täk goly 87-nji minutda penaltiden «Dinamo» toparynyň hüjümçisi Gamid Agalarow geçirdi. Penalti «Arkadagyň» goragçysy Mekan Saparo­wyň öz jerime meýdançasynda düzgüni bozmagy sebäpli bellenildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň çempiony howply pursatlary döretmegi başardy, emma mahaçkalaly toparyň derwezeçisi ähli urgulary yzyna gaýtarmagy başardy.

Ýatladyp geçsek, türkmen hünärmeni Gurban Berdiýew «Dinamo» toparynda 2023-nji ýylyň iýul aýyndan 2024-nji ýylyň fewral aýyna çenli tälimçi bolup işläpdi.

Mundan ozal Türkiýedäki ýygnanşygynda «Arkadag» Kosowanyň klublaryna garşy iki ýoldaşlyk duşuşygyny geçiripdi: şonda «Feronikeli» toparyny 2:0 hasabynda ýeňdi hem-de «Dukajini» toparyndan 0:1 hasabynda utulypdy.

«Arkadag» 12-nji ýanwardan 2-nji fewral aralygynda Türkiýede okuw-türgenleşik ýygnanşygyny geçirýär. Topar AFK-2 Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynda Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparyna garşy geçiriljek duşuşyklara taýýarlyk görýär.