Turkmenportal logo
30.01.26
1066210662
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aýlagdaky arap ýurtlarynyň Merkezi Aziýadaky maýa goýumlarynda Türkmenistanyň paýy artýar

Ýewraziýanyň ösüş bankynyň (ÝÖB) hasabatyna görä, 2025-nji ýylyň birinji ýarymynyň netijeleri boýunça arap maýa goýujylarynyň esasy üns merkezi Merkezi Aziýa ýurtlaryna gönügendir.

Hasabatda bellenilişi ýaly, Aýlagdaky arap ýurtlarynyň sebitdäki maýa goýumlarynyň pudaklaýyn gurluşynda nebitgaz we energetika ulgamlary öňdäki orunlary eýeleýär. Hususan-da, arap maýa goýumlarynyň umumy möçberiniň, takmynan, 43 göterimi Türkmenistandaky nebit çykaryş taslamasyna gönükdirilendir. Şeýle-de maýa goýumlaryň 35 göterimi, esasan, Özbegistanyň we Azerbaýjanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri pudagyna degişlidir.

2025-nji ýylyň alty aýynyň dowamynda Aýlagdaky arap ýurtlary tarapyndan Merkezi Aziýa goýlan maýa goýumlaryň göwrümi 23,9 milliard amerikan dollaryna ýetdi. Bu görkeziji 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,2 esse, 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende bolsa, 60 göterim ýokarydyr.

Maýa goýumy goýýan ýurtlaryň sanawynda Birleşen Arap Emirlikleri (68 göterim) we Saud Arabystany (18 göterim) öňde barýar. Şeýle hem Kataryň (10 göterim) we Omanyň (5 göterim) paýy barha artýar.