Nasri Asfura 2026-2030-njy ýyllar döwri üçin Gondurasyň Prezidenti wezipesine girişdi. Dabaraly kasam kabul edişlik ýurduň Tegusigalpe şäherindäki Milli kongresiniň (bir palataly parlament) binasynda geçdi diýip, TASS habar berdi.
«Men mukaddes wesýetlere uýmak bilen, Konstitusiýany we kanunlary berjaý etjekdigime dabaraly kasam edýärin. Gonduras, men saňa gulluk etmek üçin bärde» diýip, Asfura kasam etdi. Çäräni göni ýaýlymda «TVC» teleýaýlymy görkezdi.