Turkmenportal logo
Şu gün 08:55
31103110
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýada 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

Russiýada 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada iş sapary bilen Aşgabatda bolýan Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Galuzin köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine habar berdi.

Mihail Galuzin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen gepleşikleri geçirdi.

Diplomatyň sözlerine görä, gepleşikleriň dowamynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine giňişleýin garaldy. Gün tertibinde birnäçe çäreler bar, şolaryň arasynda şu ýyl Russiýada Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi esasy çäreleriň biri bolar. Bu barada RIA Nowosti agentligi habar berýär.

Şeýle hem Mihail Galuzin taraplaryň Aşgabatda A.S. Puşkin adyndaky bilelikdäki rus-türkmen umumy orta bilim berýän mekdebi üçin goşmaça okuw binasynyň gurluşygy, Döwlet rus drama teatry üçin täze binanyň gurulmagy hem-de Rus-Türkmen uniwersitetini döretmek boýunça taslamalary ara alyp maslahatlaşandyklaryny nygtady.