Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanyp her ýyl geçirilýän «Göreldeli gümrük işgäri — 2025» we «Ýylyň gümrük nokady — 2025» bäsleşikleriniň jemleri jemlendi.
Gullugyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, hukuk tertibini berkitmäge we kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmäge goşan şahsy goşantlaryna, gulluk borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirişine hem-de gulluk işindäki ýokary görkezijilerine berlen bahanyň netijeleri boýunça birnäçe gümrük işgärleri «Göreldeli gümrük işgäri» bäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi.
Balkan welaýat gümrükhanasynyň Garabogaz awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerindäki «Garabogaz» gümrük nokady «Ýylyň gümrük nokady» diýlip yglan edildi. Bu dereje harby tertip-düzgüniň berjaý edilişi, nokadyň talabalaýyk saklanylyşy, çäkleriň abadanlaşdyrylyşy we 2025-nji ýyldaky gulluk işiniň ýokary görkezijileri nazara alnyp berildi.
«Garabogaz» gümrük nokadynyň müdirine degişli şahadatnama gowşuryldy.