Turkmenportal logo
28.01.26
1376713767
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan iňlis dilini biliş derejesi boýunça Merkezi Aziýada iň öňdebaryjy ýurt boldy

Türkmenistan ilatynyň iňlis dilini biliş derejesi boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň ýokary orny eýeledi. Ene dili iňlis dili bolmadyk ýurtlary öz içine alýan «EF English Proficiency Index 2025» reýtinginde Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň arasynda 91-nji orna ýerleşdi. Bu görkeziji sebitiň ýurtlarynyň arasynda iň ýokarysydyr. 

Reýtingde Gyrgyz Respublikasy 101-nji, Özbegistan 104-nji, Gazagystan 107-nji we Täjigistan 110-njy orny eýeledi. 

Türkmenistanyň sebitdäki beýleki ýurtlardan öňe saýlanmagy ýurtda iňlis diline bolan gyzyklanmanyň we bu dili öwrenmek üçin mümkinçilikleriniň artýandygyny görkezýär. Munuň özi ýaş nesle daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň öz netijesini berýändigine şaýatlyk edýär. 

Reýtingde Niderlandlar liderlik edýär. Şeýle-de ilkinji bäşlikde Horwatiýanyň, Awstriýanyň, Germaniýanyň we Norwegiýanyň ady bar.

Ýeri gelende bellesek, «EF English Proficiency Index» reýtingi dünýä ýüzünde millionlarça adamyň tabşyrýan «EF SET» («Standard English Test») diýen mugt onlaýn testiniň netijelerine esaslanýar. Bu test esasan diňlemek we okamak endiklerini barlaýar. 2025-nji ýylyň hasabatynda ilkinji gezek diňe bir okamak we diňlemek däl, eýsem, geplemek (speaking) we ýazmak (writing) ukyplary hem emeli aň arkaly ölçenildi. Bu bolsa iňlis diliniň diňe nazary däl, eýsem, amaly ulanylyşynyň hem bahalandyrylýandygyny aňladýar.