«Formula-1» ýaryşlarynyň ýedi gezek çempiony Mihael Şumaher indi düşege bagly däl, ol häzir özüniň Maýorkadaky öýünde lukmanyň we şepagat uýasynyň gözegçiligi astynda maýyplar üçin arabada gezim edýär. Näbelli çeşmäniň habaryna görä, Şumaheriň daş-töwereginde bolup geçýän ähli zada düşünýändigini ynamly aýtmak mümkin däl. Sebäbi onuň gürlemek ukyby dikelenok diýip, «Daily Mail» habar berýär.
2013-nji ýylyň dekabrynda türgen Alplarda dagda lyžaly typýarka agyr kelleçanak-beýni şikesini aldy we uzak wagtlap huşsuz ýatdy. Aýaly Korinna we ogly Mik Şumaheriň özbaşdak hereket edip we daş-töweregindäkiler bilen doly bahaly gürleşip bilmeýändigini habar berdiler.
Şumaher 57 ýaşynda. Ol 1996-njy ýyldan 2006-njy ýyla çenli bäş gezek yzly-yzyna, 1994-nji we 1995-nji ýyllarda dünýä çempiony boldy.