Awstraliýaly meteorologlar hepdäniň sişenbe güni ýurduň birgiden etraplarynda howanyň 50 gradusa çenli gyzandygyny hasaba aldylar diýip, «Sky News» teleýaýlymyna salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.
Aýratyn hem Wiktoriýa ştatynda howanyň Selsiý boýunça 48,9 dereje gyzandygy habar berilýär. Pida bolanlar barada habar berilmeýär. Wiktoriýa ştatynyň häkimiýetleri çakdanaşa yssy sebäpli tokaý ýangynlarynyň döremek howpy barada duýdurýarlar.
Häzirki wagtda «Australian Open» tennis ýaryşynyň dowam edýän Melburn şäherinde yssy howanyň rekord derejä golaýlandygy belli boldy. Ýaryşyň guramaçylary howpsuzlyk maksady bilen, tomaşaçylary we türgenleri goramak üçin süýşýän üçekleri gurnadylar. Türgenler arakesme wagty bedenlerine buzly paketleri goýup, şeýle-de elde göterilýän ýelpewaçlary peýdalanyp, yssydan goranýarlar.
Yssy howa hepdäniň ahyryna çenli saklanar diýip, ýurduň howa maglumaty gullugy habar berýär.