Turkmenportal logo
28.01.26
1099610996
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkiýede 2025–2026-njy okuw ýylynda Türkmenistandan takmynan 40 müň talyp bilim alýar

Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde 2025–2026-njy okuw ýylynda Türkmenistandan takmynan 40 müň talyp bilim alýar. Türkiýe türkmen ýaşlary tarapyndan ýokary bilim almak üçin saýlanýan esasy ýurt bolup durýar. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok metbugat maslahatynda aýtdy.

Diplomatyň bellemegine görä, Ýokary bilim geňeşiniň maglumatlaryna laýyklykda 2025–2026-njy okuw ýylynda Türkiýede Türkmenistandan takmynan 40 müň talyp bilim alýar. «Bu görkezijiler Türkiýäniň türkmen ýaşlary üçin bilim almakda iň esasy saýlanýan ýurtdygyny görkezýär. Şeýle-de bu biziň Türkmenistan bilen aramyzda bar bolan doganlyk gatnaşyklarymyzyň nobatdaky subutnamasydyr» – diýip, ilçi aýtdy.

Ahmet Demirok bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolaly bäri, bilim edaralarymyz hem-de Türkiýäniň talyp haklary maksatnamasy arkaly türkmen ýaşlarynyň has ýokary derejeli bilim almagyna öz goşandymyzy goşmaga çalyşýarys» – diýip, Demirok belledi.

Onuň sözlerine görä, Türkiýäniň talyp haklary maksatnamasynyň çäklerinde 1992-nji ýyldan bäri 5 müňden gowrak türkmen talybyna stipendiýa berildi.

Ilçi şeýle-de Aşgabat şäherinde Bilelikdäki türk-türkmen umumybilim berýän mekdebiň hereket edýändigini nygtady. Bu mekdepde taýýarlyk synpyndan başlap liseýe çenli jemi 686 okuwçy bilim alýar. «Biz mekdebimizde bilim alýan ýaşlarymyza gaty buýsanýarys» – diýip, Demirok sözüniň üstüni ýetirdi.

Şeýle-de ol Türkiýäniň 2026-njy ýyl üçin talyp haklary maksatnamasyna arzalaryň kabul edilmeginiň 10-njy ýanwarda başlanandygyny we onuň 20-nji fewrala çenli dowam etjekdigini habar berdi. Giňişleýin maglumatlary maksatnamanyň resmi web sahypasyndan alyp bolýar.