«Daşoguztelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň işgärleri ilata döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürlemek, aýratyn-da, oba ýerlerinde aragatnaşyk hyzmatynyň gerimini giňeltmek boýunça netijeli işleri alyp barýarlar. Kärhana öz öňünde goýan meýilnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, geçen ýylyň dowamynda welaýatyň çäginde telefon nokatlarynyň 16 müň 447-sini oturtdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.
Netijede, welaýat boýunça kärhananyň telefon hyzmatlaryndan peýdalanýan müşderileriniň sany 121 müň 773-e ýetdi. Şonuň bilen bir hatarda ýokary tizlikli internet ulanyjylarynyň sanyny ep-esli artdyrmak, internet hyzmatynyň gerimini giňeltmek boýunça hem önjeýli işler ýerine ýetirilýär. Geçen ýylda müşderileriň 21 müň 634-sine ýokary tizlikli internet hyzmaty birikdirildi. Şeýlelikde, welaýat boýunça kärhananyň ýokary tizlikli internet hyzmatyndan peýdalanýan müşderileriniň sany 83 müň 754-e ýetdi.
Ähli kategoriýalar
Daşoguzda 2025-nji ýylda telefon nokatlarynyň 16 müň 447-si herekete girizildi