Köneürgenjiň ösümlik ýag kärhanasynda gowaça çigidi gaýtadan işlenmek bilen bir hatarda, süýt önümçiligi hem alnyp barylýar. «Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, geçen ýylda kärhananyň süýt önümçiliginde gazanylan netijeler has-da ýokary boldy.
Başgaça aýdylanda, geçen ýylyň dowamynda 1 müň 772 tonna süýt gaýtadan işlenilip, 111 göterim ösüş gazanyldy. Şeýlelikde, kärhanada geçen ýyl mesge ýagynyň 62 tonnasy, peýniriň we dorogyň 20 tonnasy, turşadylan süýt önümleriniň 150 tonnasy öndürilip ilata ýetirildi. Öndürilýän önümleriň agramly bölegi çagalar baglaryna, beýleki terbiýeçilik edaralaryna, ilat köpçüligine ýetirilýär.
Ähli kategoriýalar
Köneürgenjiň ösümlik ýag kärhanasynda 1 müň 772 tonna süýt gaýtadan işlenili