Turkmenportal logo
28.01.26
1237812378
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Leningrad gabawynyň pidalarynyň hatyrasy sarpalandy

Faşistleriň gabawyndan Leningradyň doly azat edilmeginiň 82 ýyllygyna bagyşlanan hatyra agşamy Aşgabatdaky Rus öýünde geçirildi. Çäre Beýik Watançylyk urşunyň pajygaly we gahrymançylykly sahypalary baradaky taryhy ýadygärligi saklamaga gönükdirildi.

Dabara gabaw mahaly Leningradyň ýaşaýjysy bolan Galina Alekseýewna Mämmedowa hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Oňa gabaw ýyllarynda görkezilen edermenlik we gaýduwsyzlyk üçin hormat we minnetdarlyk nyşany hökmünde Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglowdan gutlag haty gowşuryldy.

Hatyra agşamynyň gatnaşyjylary «Gabaw gündeligi» atly dokumental filmine tomaşa etdiler, uruş ýyllarynyň aýdymlaryny diňlediler. Çäräniň çäklerinde «Gabaw çöregi» we «Gabaw garlawajy» atly watansöýüjilik çäreleri geçirildi. Gatnaşanlara gabaw astyndaky Leningradyň ýaşaýjylarynyň bir günlük çörek paýyny ýatladýan çörek bölejigi gowşuryldy.

1941-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda başlanan Leningrad gabawy tas 900 gün dowam edipdi. Şähere azyk önümleri iberilen ýeke-täk ýol — «Durmuş ýoly» diýlip atlandyrylyp, ol Ladoga kölüniň buzynyň üstünden geçirilipdi. Gabaw 1943-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda böwsülýär, emma onuň doly aýrylmagyna çenli, ýagny 1944-nji ýylyň 27-nji ýanwaryna çenli leningradlylar ýene-de bir ýyl garaşmaga mejbur bolupdylar.