Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri 25 — 31-nji ýanwar aralygynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Kembrij şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçy düzümi üçin niýetlenen hünär kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Hünär kämilleşdiriş okuwlary Merkezi Aziýada iňlis dilini öwretmegiň hilini ýokarlandyrmak boýunça bilim taslamasynyň (AELLCA Phase II) çäklerinde taslama gatnaşýan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň uniwersitetleriniň ýolbaşçy düzümi üçin Kembrij uniwersitetiniň Neşir we bahalandyrma bölümi bilen hyzmatdaşlykda işlenip taýýarlanylan PRESETT liderlik başarnyklaryny ösdürmek maksatnamasy esasynda geçirilýär.
Okuw saparynyň esasy maksady PRESETT (Pre-Service Teacher Education) ulgamynda ýolbaşçylyk we dolandyryş mümkinçiliklerini kämilleşdirmekden, iňlis dilini öwretmegiň öňdebaryjy, innowasion usullary bilen tanyşmakdan, okatmagyň häzirki zaman pedagogiki usullaryny, mugallymlary taýýarlamakda halkara tejribäni öwrenmekden, okuw maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagy we bahalandyrmak ulgamy boýunça bilimleri giňeltmekden, sanly tehnologiýalaryň hem-de häzirki zaman okuw serişdeleriniň ulanylyş tejribesini öwrenmekden, alnan tejribäni Türkmenistanyň bilim ulgamynda ulanmak mümkinçiliklerini seljermekden ybaratdyr.
Häzirki wagtda okuw saparynyň maksatnamasyna laýyklykda hünär kämilleşdiriş okuwlary dowam edýär.