Turkmenportal logo
26.01.26
18481848
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Yragyň Prezidentiniň saýlawlary 27-nji ýanwara bellendi

Yrakda Prezident saýlawlary şu ýylyň 27-nji ýanwarynda Wekiller palatasynyň Geňeşinde geçiriler. Bu barada Yragyň Parlamentiniň başlygy Heýbat al-Halbusä salgylanýan INA agentligi habar berdi.

Yragyň döwlet Baştutanynyň wezipesine dalaşgärleriň gutarnykly sanawyna 19 adam girdi, olaryň arasynda häzirki Prezident Abdul Latif Raşid we daşary işler ministri Fuad Huseýn hem bar.

Ýurduň Konstitusiýasyna laýyklykda, öňdäki 30 günüň dowamynda deputatlar Respublikanyň Prezidentini saýlarlar, saýlanan Prezident bolsa Hökümetdäki iri bileleşige Premýer-ministriň wezipesine dalaşgäri hödürlemeli bolar.

«Yragyň Konstutusiýasynda görkezilişi ýaly, Prezidentiň wezipesini yrak kürdi, Premýer-ministriň wezipesini şaýy musulmanlaryň wekili, Parlamentiň başlyklygyny sünni musulmanlaryň wekili eýelemeli» diýip, TASS ýazýar.