Turkmenportal logo
Düýn 12:50
1442214422
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetinde aýurweda okuw otagy açyldy

20-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Aýurweda» atly okuw otagynyň dabaraly açylyşy geçirildi. Çärä Hindistandan gelen myhmanlar, uniwersitetiň professor-mugallymlar düzümi hem-de talyplar gatnaşdylar.

Açylyş dabarasynda gutlag sözleri bilen Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory Nargözel Myratnazarowa hem-de Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň sekretary Sibi Jorj çykyş etdiler.

Aýurweda Hindistanyň gadymy lukmançylyk ulgamydyr we häzirki wagtda dünýäniň dürli ýurtlarynda lukmanlar tarapyndan giňden öwrenilýär. Ýöriteleşdirilen okuw otagynyň açylmagy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň netijesi bolup, onuň binýady 2015-nji ýylda Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň dowamynda goýlupdy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde Aşgabatda Ýoga we däp-dessur lukmançylygy merkezi açyldy. Bu merkeziň hünärmenleri «Saglygy goraýyş we adaty däl lukmançylyk» hem-de «Sport lukmançylygy» hünärleri boýunça bilim alýan talyplar üçin uniwersitetde aýurwedanyň esaslary, ýoga-terapiýa we dermanlyk ösümlikleriň ulanylyşy boýunça okuw sapaklaryny geçirýärler.