Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň 22 ýaşly hüjümçisi Daýanç Meredow Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda «Arkadag» kluby üçin ilkinji goluny geçirdi.
Kosowonyň «Feronikeli» toparyna garşy geçirilen duşuşykda Meredow täze klubyndaky gollarynyň hasabyny açdy. Ikinji goly bolsa Türkmenistanyň çempionatynyň soňky üç möwsüminde iň köp gol geçiren hüjümçi Didar Durdyýew öz adyna ýazdyrdy. Duşuşyk 2:0 hasabynda «Arkadagyň» ýeňşi bilen tamamlandy.
Meredow 6-njy ýanwarda «Köpetdag» toparyndan «Arkadaga» geçdi, bu ýoldaşlyk duşuşygy bolsa onuň täze klubyndaky ilkinji oýny boldy.
Türkmen toparynyň garşydaşy «Feronikeli» Kosowonyň Ýokary ligasynda çykyş edýär. Topar 18 tapgyrdan soň 39 utuk bilen ýaryş tertibinde ikinji orny eýeleýär we ýaryş tertibinde öňdeligi eýeleýän «Wuştriýa» toparyndan diňe bir utuk yza galýar.
«Arkadag» topary 12-nji ýanwardan 2-nji fewrala çenli Türkiýede okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Topar 11-nji fewralda AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynda Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparyna garşy duşuşyk bilen başlanjak täze möwsüme taýýarlanýar. Baş tälimçi Wladimir Baýramowyň şägirtleri ilkinji duşuşygy Aşgabatdaky Olimpiýa stadionynda geçirerler. Oýnuň başlanýan wagty — 18:45.
Aşgabat şäher häkimligi bu oýna biletleriň onlaýn satuwyny ýola goýdy. Biletleri www.ashgabat.gov.tm internet sahypasyndan satyn alyp bolýar.