Aşgabatdaky Fransuz instituty 16-njy ýanwarda sagat 18:30-da «Sisiliýada aýylaryň görlüp-eşidilmedik çozuşy» atly multfilmiň görkezilişine çagyrýar.
Fransuz-italýan bilelikdäki multfilmi 2019-njy ýylda ýazyjy Dino Bussatiniň romanynyň esasynda surata düşürildi.
Sýužete görä, aýylaryň patyşasynyň ogly Tonio adamlar tarapyndan ogurlanýar. Ony halas etmek üçin patyşa Leons öz goşuny bilen Sisiliýa çozýar, emma tiz wagtdan aýylaryň adamlaryň ýurdunyň durmuşyna uýgunlaşyp bilmeýändigine göz ýetirýär.
Multfilmiň görkezilişi fransuz dilinde rus dilindäki subtitrler bilen bolar.
Giriş isleg bildirenleriň ählisi üçin açykdyr.