Turkmenportal logo
15.01.26
1864418644
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Wenadaky ilçihanasy TDG-niň Medeniýet hepdeligine gatnaşdy

Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky ilçihanasy Birleşen Milletler Guramasynyň Wenadaky merkezinde geçirilýän Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Medeniýet hepdeligine gatnaşdy. Çäräniň çäginde türkmen tarapy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýyla bagyşlanan sergini gurnady.

Sergide türkmen halkynyň milli lybaslary, halylary, el işleri, şaý-sepleri, şeýle hem ahalteke bedewleriniň çeper şekilleri görkezildi. Bu ekspozisiýa türkmen medeniýetiniň baýlygyny we bedewleriň halkymyzyň medeniýetindäki möhüm ornuny açyp görkezdi.

Açylyş dabarasyna Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary, BMG-niň Wenadaky edarasynyň wekilleri, diplomatik korpusyň agzalary we beýleki myhmanlar gatnaşdylar.

Ilçihana Türkmenistanyň medeni alyş-çalşy giňeltmäge we türki dünýäsiniň çäginde hyzmatdaşlygy berkitmäge ygrarlydygyny nygtady.