Turkmenportal logo
Şu gün 08:42
62556255
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Özbegistanyň Watan goragçylarynyň güni hem-de Ýaragly Güýçleriniň döredilen güni mynasybetli çäre geçirildi
Aşgabatda Özbegistanyň Watan goragçylarynyň güni hem-de Ýaragly Güýçleriniň döredilen güni mynasybetli çäre geçirildi

14-nji ýanwarda Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Özbegistan Respublikasynyň Watan goragçylarynyň güni we Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 34 ýyllygy mynasybetli resmi kabul edişlik geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, beýleki harby güýçleriň düzümleriniň wekilleri, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, harby attaşeler, ilçihanalaryň geňeşçileri hem-de ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu kabul edişlige türkmen tarapyndan baş myhman hökmünde Türkmenistanyň goranmak ministriniň orunbasary Begmyrat Amangeldiýewiç Soltanow gatnaşdy.

Çäräni giriş sözi bilen Özbegistan Respublikasynyň ilçihanasynyň wagtlaýyn ynanylan wekili Ž. Aşurow açyp, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýurduň goranyş ukybyny pugtalandyrmaga hem-de harby gullukçylaryň durmuş taýdan goramaklyga aýratyn ähmiýet berýändigi barada gatnaşyjylara maglumat berdi.

Diplomatyň bellemegine görä, döwlet Baştutanynyň başlangyjy bilen täze Goranmak doktrinasy kabul edildi, harby güýçleriň düzümleriniň gurluşyna we wezipelerine gaýtadan seredildi, goşunlary dolandyrmak ulgamy kämilleşdirildi. Goşuny häzirki zaman ýaraglary we tehnikalary bilen üpjün etmek boýunça taslamalar amala aşyrylýar, harby-dolandyryş ulgamy döredildi, harby tehnikalaryň öz önümçiligi ösdürilýär.

Özbegistan Respublikasynyň ilçihanasynyň harby attaşesi M. Baltaýew Özbegistan Respublikasynyň Ýaragly Güýçleriniň emele gelmegi we onda geçirilen özgertmeler barada çykyş etdi. Gatnaşyjylar 2026-njy ýylda geçirilen Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde beýan edilen geljekki wezipeler bilen tanyşdyryldy. Olaryň hatarynda goranyş senagatyny ösdürmek, sanly tehnologiýalary we emeli aňy ornaşdyrmak, harby işgärleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmek ýaly ugurlar bar.

Çäräniň dowamynda ikitaraplaýyn harby hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Özbegistan bilen Türkmenistanyň goranmak ministrlikleriniň arasynda goranyş ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Iki ýurduň Prezidentleriniň arasyndaky aýratyn gatnaşyklarynyň harby we harby-tehniki hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine ýardam berýändigi bellenildi.

Çäräniň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Ýaragly Güýçleri, harby-bilim edaralarynyň maddy-tehniki binýady we respublikanyň harby-senagat toplumynyň önümçilik mümkinçilikleri barada wideomateriallar görkezildi.

Resmi kabul edişlikde ýörite tematik burç guralyp, onda «Özbegistan Respublikasynyň Ýaragly Güýçleriniň 30 ýyly», «Özbegistan Respublikasynyň Goranmak doktrinasy» we «Özbegistan – 2030» strategiýasy ýaly ýöriteleşdirilen neşirler görkezildi. Şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň Goranmak senagaty agentligi we Innowasion tehnologiýalar merkezi tarapyndan öndürilen harby önümleriň sergisi guraldy.