Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismet Gezalowyň arasynda bolan duşuşykda bellenildi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň häzirki möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Ýokary we iň ýokary derejeli saparlary, şeýle hem iki doganlyk ýurduň liderleriniň hem-de wekilleriniň arasyndaky duşuşyklary guramak meselelerine aýratyn üns berildi.
2026-njy ýyl üçin meýilleşdirilen çäreler, şol sanda Aşgabatda geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek barada pikir alyşyldy.
Şeýle hem medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek mümkinçilikleri hem jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu ýyl Türkmenistanda Azerbaýjanyň Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi bellenildi.
