Turkmenportal logo
Düýn 10:03
3700337003
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda türk wizalaryny resmileşdirmek boýunça operator çalşyldy
Türkmenistanda türk wizalaryny resmileşdirmek boýunça operator çalşyldy

Türkmenistanyň raýatlary üçin Türkiýä wiza resmileşdirmek boýunça arzalaryň kabul edilmegi we gaýtadan işlenmegi boýunça Mosaic Visa kompaniýasy resmi operator hökmünde bellenildi. Täze wiza merkezi ýurtdaky işini bes eden Gateway International kompaniýasynyň ornuna geçýär. Bu barada kompaniýa öz sosial ulgamlary arkaly habar berdi.

Mosaic Visa Turkmenistan wiza merkezi ýakyn wagtda Aşgabat şäherinde, 2127-nji köçe (G. Kulyýew köç.), 71-nji jaý salgysynda ýerleşýän «MB» Söwda merkezi binasynda açylar. 12-nji ýanwardan başlap resminamalaryň kabul edilmegi diňe deslapdan ýazylmak arkaly amala aşyrylar.

Raýatlar resminamalary iki usulda tabşyryp bilerler — onlaýn-portal arkaly ýa-da wiza merkeziniň ofisine şahsy gelip resmileşdirip bilerler. Öň Gateway International kompaniýasy arkaly tabşyrylan arzalar güýjünde galýar we olara adaty tertipde garalar.

Iki ýurduň arasynda bar bolan wiza tertibi 2022-nji ýylyň 13-nji sentýabryndan bäri hereket edýär. Türkmenistanyň raýatlary wizalaryň dürli görnüşlerini: syýahatçylyk, iş, okuw, söwda (işewürlik), üstaşyr we beýleki görnüşleri resmileşdirip bilerler. Talap edilýän resminamalaryň sanawy soralýan wizanyň görnüşine görä, türk tarapynyň düzgünleriniň esasynda kesgitlenilýär.

Mosaic Visa Türkiýe Respublikasynyň konsullyk edaralary tarapyndan akkreditasiýa edildi. Merkeziň iş tertibi — duşenbeden juma gününe çenli 09:00-dan 17:00-a çenlidir, Oraza aýynda bolsa 09:00-dan 14:00-a çenli işlär.

Kompaniýa wizanyň berilmegi ýa-da berilmezligi baradaky soňky çözgüdiň diňe konsullyk tarapyndan kabul edilýändigini aýratyn nygtaýar.

Telefon belgileri: 75 41 02 (03) (04) (05) (06)