Turkmenportal logo
11.01.26
1935419354
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Afrika milletleriniň futbol boýunça Kubogynyň ýarym finalyna gatnaşjaklaryň ählisi belli boldy

Marokkoda geçirilýän Afrika milletleriniň Kubogynyň 1/4 final oýnunda Müsüriň ýygyndysy Kot-d’Iwuaryň ýygyndysyny 3:2 hasabynda ýeňdi.

Ýeňijileriň düzüminde gollary Omar Marmuş (4-nji minutda), Rami Rabia (32) we Mohammed Salah (52) geçirdiler. Salah bir netijeli pas bilen hem tapawutlandy. Müsürli goragçy Ahmed Fattoh 40-njy minutda awtogol geçirdi. Kot-d’Iwuaryň ýygyndysynda bolsa Gela Due (73) tapawutlanmagy başardy.

Beýleki 1/4 final oýnunda Nigeriýanyň ýygyndysy Alžiriň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňdi. Gollary Wiktor Osimhen (47-nji minutda) we Akor Adams (57) geçirdiler.

Ýarym finalda müsürliler Senegalyň ýygyndysy bilen duşuşar, Nigeriýanyň ýygyndysy bolsa Marokkonyň ýygyndysy bilen duşuşar. Iki duşuşyk hem 14-nji ýanwarda geçiriler.

Afrika milletleriniň Kubogy 21-nji dekabrda başlady we 18-nji ýanwarda tamamlanar. Häzirki çempion bolsa Kot-d’Iwuaryň ýygyndysydyr.