Turkmenportal logo
09.01.26
1685116851
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Danatar Öwezowyň 115 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Aşgabatda Danatar Öwezowyň 115 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Düýn Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasynda görnükli türkmen kompozitory Danatar Öwezowyň doglan gününiň 115 ýyllygyna bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde onuň döredijiligine degişli kitaplaryň hem-de nota neşirleriniň sergisi guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda kitaphananyň hünärmenleri tanymal kompozitoryň döredijilik ýoly, sungat dünýäsindäki gazanan üstünlikleri barada gürrüň berdiler.

Danatar Öwezow 1911-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Mülk-Ýusup obasynda dünýä inýär. Onuň döredijiligi aýdym-saz dünýäsinde giňden tanalýar. Ol Türkmenistanyň aýdym-saz medeniýetini baýlaşdyran kompozitorlar mekdebiniň uly nesliniň wekilleriniň biridir.

Kompozitoryň eserleri žanr dürlüligi, aýdyňlygy, näzikligi we saz diliniň özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Onuň döredijiliginde wokal sazlary möhüm orun eýeleýär. D. Öwezow dört operanyň, 150-den gowrak aýdymdyr we romansyň awtorydyr. Olaryň hatarynda Gara Seýitliýewiň sözlerine döredilen «Täzegül», «Aşgabat», «Hally gözel», «Gyzlar», «Tokmak we ýalta»; Magtymguly Pyragynyň sözlerine «Halyma», «Bu derdi»; G. Burunowyň «Ýok, ýok», «Aýnabat»; B. Japarowyň «Keýpim kök», «Ol gyz maňa garamady», «Dostluk» atly eserleri we beýlekiler bar.

1961-nji ýylda kompozitora «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly at dakyldy. Ol aradan çykandan soň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi diýlip yglan edildi.