Turkmenportal logo
09.01.26
1536015360
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Paryzdepe ýadygärliginde barlag we rejeleýiş işleri geçirilýär 

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda, Täze Nusaý galasyndan 12 kilometr demirgazyk-günbatarda ýerleşýän Paryzdepe ýadygärliginde 2016-njy ýyldan bäri gazuw-barlag işleri alnyp barylýar. Ýadygärligiň özünde we onuň gündogarynda ýerleşýän, giçki orta asyrlara degişli goranyş, ýaşaýyş gala-howlusynda barlag we rejeleýiş işleri geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Ýadygärlikde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgärleri, goranyş, ýaşaýyş gala-howlusynda bolsa Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan iş alnyp baryldy. Paryzdepede ylmy-barlag gazuw işlerini geçirmäge Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgärleri, taryh ylymlarynyň kandidatlary Allaguly Berdiýew, Gulamylla Ýagşymyradow, arheologiýa hünäri boýunça taryh ylymlarynyň doktory Ejegül Myradowa, şeýle-de ylmy işgärler Şöhrat Kakalyýew, Agabaý Atagarryýew, Ýagmyr Nurgeldiýew, Rejep Jommyýew we beýlekiler gatnaşdylar.

Ylmy-barlag gazuw işleri ýadygärligiň gala diwarynyň galyňlygyny we häzirki döwre çenli saklanyp galan beýikligini anyklamak üçin demirgazyk tarapdaky diwary kesýän garym gazylyp başlanyldy we düýbüne çenli ýetildi. Şeýle-de ýadygärligiň üstünde giň gerimli gazuw-barlag işleri alnyp baryldy we birnäçe ýaşaýyş otaglarynyň üsti açyldy.

Netijede, dürli görnüşli tapyndylaryň, keramika önümleriniň esasynda Paryzdepäniň köp gatlakly ýadygärlik bolup, onuň ýokarky gatlagynyň giçki orta asyrlara degişlidigi anyklanyldy.

2025-nji ýylda Paryzdepäniň içki galasynyň demirgazyk-gündogar ýapgydynda, öňki ýyllarda gazylyp XVII ýarusa (arheologiýada barlag çukury gazylanda, ýokardan aşak her 50 santimetri bir ýarus diýlip bellenilýär) ýetirilen 4x4 inedördül ölçegli barlag çukurynda gazuw-barlag işlerini dowam etmek we iş tamamlanandan soň, konserwasiýa işlerini geçirmek üçin ýörite topar döredildi.

Paryzdepäniň barlag çukurynyň eneolit döwrüne degişli gatlaklarynda sapak egirmek üçin ulanylan ikbaşyň peýda bolmagy möhüm ylmy ähmiýete eýe bolup, bu ýerde dokmaçylygyň bolandygyna güwä geçýär. Bu tapyndy Paryzdepede maldarçylygyň ösendigini, ýüňden sapak egrilendigini äşgär edýär we henize çenli az öwrenilen, irki dokma önümçiliginiň bolandygyna şaýatlyk edýär. Ikbaşlaryň şeýle görnüşleri Änewde hem-de Daşlydepe ýadygärliginde köp mukdarda ýüze çykaryldy.