Türkmenistanyň DIM-iniň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň rumyn diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, institutyň mugallymlary we talyplary, şeýle hem žurnalistler gatnaşdylar.
Çärede Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, Rumyniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Ion Nawal, Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi Annamämmet Annaýew, Türkmenistanyň DIM-iniň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa we beýleki gatnaşyjylar çykyş etdiler.

Çykyş edenler beýik türkmen şahyrynyň döredijiliginiň bütin dünýäde uly gyzyklanma döretmegini dowam etdirýändigini bellediler. Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dünýäniň dürli dillerinde çap edilmegi olaryň şu günki günde hem wajyplygyny we ähmiýetini görkezýär. Nusgawy şahyryň poeziýasy watançylygy, parahatçylygy, ynsanperwerligi, halklaryň arasyndaky dostlugy we özara hormaty wasp edýär.
Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar ýygyndynyň neşir edilmeginiň Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna itergi berjekdigine, şeýle hem türkmen halkynyň medeni mirasynyň we milli sungatynyň giňden tanalmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

