Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi maýyplygy bolan adamlara mugt we ýeňillikli esasda protezleri hem-de ortopedik önümleri bermegiň täze tertibini tassyklady. Degişli buýruga 2025-nji ýylyň 6-njy dekabrynda gol çekildi.
Resminama ilatyň aýratyn toparlaryny lukmançylyk maksatly önümler bilen üpjün etmegiň möçberlerini kesgitlemegiň we hasaba almagyň amallaryny düzgünleşdirýär. Bu tertip «Ilata edilýän saglygy goraýyş hyzmatlaryny kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda çykaran 384-nji kararyna laýyklykda işlenip düzüldi.
Täze düzgünlere görä, protez-ortopedik önümlerini almak üçin Şikesleri bejeriş halkara merkeziniň ýa-da onuň welaýat bölümleriniň hünärmeni tarapyndan doldurylan protezirleme kartasy esas bolup hyzmat edýär. Ýüz tutýanlar maýyplyk topary baradaky şahadatnamany, pasportyň nusgasyny we lukmançylyk netijenamasyny öz içine alýan resminamalar toplumyny tabşyrmalydyrlar.
Merkezi bilermenler topary arzalara üç iş gününiň dowamynda garaýar we önümleri bermek ýa-da bermekden ýüz döndermek barada karar kabul edýär. Protezleriň dürli görnüşlerini taýýarlamagyň möhleti, önümiň çylşyrymlylygyna baglylykda 5 günden 30 senenama gününe çenli dowam edýär.
Raýatlar protezleri ýa-da ortopedik önümleri alanlaryndan soň, olary ýaşaýan ýeri boýunça Pensiýa gaznasynyň bölüminde hasaba aldyrmaga borçludyrlar. Ilaty protez-ortopedik önümleri bilen üpjün etmek işi döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.
Buýruk Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, şeýle hem Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen ylalaşyldy. Resminama 2025-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Adalat ministrligi tarapyndan hasaba alyndy.

