Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Ruduň arasynda geçirilen duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.
Diplomatlar bilim, ylym we medeniýet ugurlaryna aýratyn üns berip, hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini döretmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen tarapy türkmen-amerikan medeni dialogyny ýola goýmak başlangyjyny beýan etdi.
Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gurallarynyň, hususan-da, ýyllyk syýasy geňeşmeleriň we «Türkmenistan — ABŞ» Işewürler geňeşiniň duşuşyklarynyň netijeliligi nygtaldy.
Taraplar, hususan-da, amerikan kompaniýalarynyň Türkmenistandaky köp ýyllyk işleriniň netijeliligini we elektrik energiýasy, oba hojalygy we ulag ulgamlarynda, şol sanda «John Deere», «General Electric» we «Boeing» ýaly kompaniýalar bilen bilelikdäki işewürlik şertnamalarynyň durmuşa geçirilmegini aýratyn bellediler.
Duşuşykda ýokary tehnologiýalar we bank-maliýe pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alşyldy.

