Turkmenportal logo
06.01.26
2346123461
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Zehinli çagalaryň ençemesi Gulbaba adyndaky çagalar baýragy bilen sylaglandy
Zehinli çagalaryň ençemesi Gulbaba adyndaky çagalar baýragy bilen sylaglandy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan zehinli çagalara Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ýurduň zehinli çagalaryna we çagalar döredijilik toparlaryna Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy täze, 2026-njy – «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň dabaralary bilen utgaşyp, ýokary ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna beslendi.

Täze ýyl baýramynyň täsirlerini artdyran çärede beýleki ýaş zehinlililer bilen bir hatarda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň çagalar bakja-bagynyň körpeler toparyna, Döwletliler köşgüniň «Joşgun» tans toparyna, Aşgabat şäher häkimliginiň «Jahan» döredijilik merkeziniň çagalar hor toparyna, Aşgabat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň «Galkynyş» çeper okaýyş toparyna, şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr sahawat gaznasynyň hasabyna berjergi alyp saglygyny dikelden mekdep ýaşly, aýratyn zehini bilen tapawutlanan çagalara hem Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň gowşurylmagy aýratyn bellärliklidir.