Röwşen Muhadow şertnamasynyň möhletiniň gutarmagy sebäpli «Arkadag» futbol klubundaky tälimçilik işini tamamlady. Bu barada hünärmen Turkmenportal neşirine habar berdi.
Tälimçiniň sözlerine görä, taraplar hoşniýetli hyzmatdaşlyk edendikleri üçin birek-birege minnetdarlyk bildirdiler we geljekki işlerinde üstünlik arzuw etdiler.
«Men «Arkadagyň» muşdaklaryna klubda işlän döwrümde beren ygrarlylygy we goldawy üçin çyn ýürekden minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Kluba geljekki oýunlarynda üstünlik arzuw edýärin we «Arkadagyň» ýeňişleri bilen sizi begendirip durjakdygyna pugta ynanýaryn» - diýip, Röwşen Muhadow belledi.
Ýatladyp geçsek, 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda «Arkadag» AFC-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň öňüsyrasynda Röwşen Muhadowy PRO derejeli tälimçi hökmünde ýaryşa gatnaşmak üçin baş tälimçi hökmünde hasaba alypdy. Hünärmen Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň PRO tälimçi derejesine eýedir. Klubyň häzirki baş tälimçisi Wladimir Baýramow tälimçiler düzümine ýolbaşçylyk etmegini dowam etdirdi, emma AFC-nyň düzgünnamasyna laýyklykda PRO ygtyýarnamasynyň ýoklugy sebäpli ýaryşda «Arkadagyň» baş tälimçisi wezipesini Muhadow eýeledi.
Tälimçiler düzüminiň ýolbaşçylygynda «Arkadag» taryhynda ilkinji gezek Aziýanyň ikinji derejeli klub ýaryşy bolan Çempionlar ligasynyň 1/8 finalyna çykdy. Toparçalaýyn tapgyrda klub bir ýeňiş, dört deňlik we bir ýeňliş bilen «B» toparçasynda ikinji orny eýeledi.
AFC-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda «Arkadag» Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» kluby bilen iki oýundan ybarat duşuşyk geçirer. Bu klubda dünýäniň birnäçe ýyldyz futbolçylary, şol sanda Kriştianu Ronaldu hem çykyş edýär. Ilkinji oýun 11-nji fewralda Türkmenistanda, jogap duşuşygy bolsa 18-nji fewralda Saud Arabystanynda geçiriler.
Maglumat
Röwşen Abdyrahmanowiç Muhadow 1961-nji ýylyň 23-nji iýulynda Aşgabatda dogulýar. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi. Özüniň futbol ýolunda hüjümçi hökmünde «Köpetdag» we «Nusaý» toparlarynda, şeýle hem Özbegistanyň «Pahtakor», Täjigistanyň «Pamir», Türkiýäniň «Gençlerbirligi», «Yimpaş Yozgatspor», «Nevşehirspor» toparlarynda we Gazagystanyň «Ýelimaý» klubunda çykyş edýär. Türkmenistanyň milli ýygyndysy üçin 12 oýunda çykyş edip, 3 gol geçirdi. «Köpetdagyň» düzüminde Türkmenistanyň çempiony (1992, 1998), «Nusaýyň» düzüminde Türkmenistanyň çempiony (1999), «Ýelimaýyň» düzüminde Gazagystanyň çempiony (1994) boldy.
Tälimçi hökmünde «Nusaý» we «Ahal» toparlarynda işleýär. 2000-nji ýylda Türkmenistanyň milli ýygyndysyna ýolbaşçylyk edýär. 2003–2007-nji ýyllarda ýurduň olimpiýa ýygyndysynyň baş tälimçisi bolup, bir wagtda ýaşlar toparyna hem ýolbaşçylyk edýär. 2011-nji ýylda Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň PRO tälimçi ygtyýarnamasyna eýe bolýar. 2012-nji ýylda ýaşlar ýygyndysy bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny gazanýar. 2019-njy ýylda BAE-de geçirilen Aziýa Kubogynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň kömekçisi bolup işleýär.

