«Ahal» futbol kluby öz baş tälimçisi Welsähet Owezowy işden aýyrdy. Klubyň täze tälimçisi hökmünde klubyň öňki ýaşlar toparynyň başynda duran Eziz Annamuhammedow bellenildi. Bu barada halkara sport žurnalisti Aleksandr Troiskiý habar berdi.
Öwezowyň ýolbaşçylygynda «Ahal» iki gezek Türkmenistanyň çempionatynyň kümüş medalyna mynasyp boldy, şeýle hem soňky iki möwsümde ýurdumyzyň Kubogynyň finalyna çykdy. 2024/25-nji ýylyň möwsüminiň AFC-2 Çempionlar ligasynda topar saýlama tapgyrynda Täjigistanyň «Regar-TadAZ» klubuny ýeňip, toparçalaýyn tapgyra çykmagy başardy.
W. Öwezow 43 ýaşynda. Ol «Ahalyň» baş tälimçisi wezipesinde 2024-nji ýylyň iýul aýyndan bäri işledi. Mundan ozal toparyň baş tälimçisiniň kömekçisi bolup işläpdi.

