Turkmenportal logo
05.01.26
70917091
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasy Atalar gününi belledi
Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasy Atalar gününi belledi

Atalar güni mynasybetli dabaraly çäre Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň Aşgabatdaky Medeniýet merkezinde geçirildi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, çärä Medeniýet merkeziniň mugallymlary we talyplary, ýurdumyzyň jemgyýetçiliginiň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Öz çykyşynda Ilçi Ali Mojtaba Ruzbehani şeýle belledi:
«Ata-babalara hormat goýmak Eýran bilen Türkmenistanyň halklarynyň gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýän umumy ahlak we medeni gymmatlyklarynyň biridir. Eger maşgalany bir bina hökmünde göz öňüne getirsek, onda ata onuň diregi hem üçegi bolup durýar. Onuň bar bolmagy maşgalanyň agzalaryna ruhy güýç we ylham berýär. Ata — durmuş synaglaryna döz gelip bilýän we öýdäki asudalygy gorap saklaýan adamdyr. Atanyň söýgüsi köplenç sözler bilen däl-de, amallar bilen beýan edilýär».

Atalar güni Eýranyň milli baýramydyr. Ol Hezreti Alynyň doglan gününiň hormatyna esaslandyrylypdyr we maşgalabaşa hormat goýmak hökmünde däp boýunça bellenilip gelýär.

Baýramçylyk agşamynyň maksatnamasy boýunça çärede goşgy okaldy, gülküli sahna oýunlary görkezildi we pars, türkmen, rus hem-de iňlis dillerinde dürli aýdymlar ýerine ýetirildi — diýip, neşirde bellenilýär.