Turkmenportal logo
03.01.26
2065620656
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň efir ýagly ösümlikleri: ýakymly pütün
Türkmenistanyň efir ýagly ösümlikleri: ýakymly pütün

Ýakymly pütüniň Türkmenistanda iki görnüşi duş gelýär: ýakymly pütün we Köýtendag pütüni. Ýakymly pütün Uly we Kiçi Balkan daglarynda, Kürendagda, Günorta-Günbatar Köpetdagda, Merkezi we Gündogar Köpetdagda duş gelýär. Köýtendag pütüni esasan Köýtendagda ösýär we dag eteklerinden başlap, daglaryň ýokarky guşaklyklarynda hem duş gelýär.

Ol maý– sentýabr aýlarynda gülleýär, iýun–oktýabr aýlarynda tohumlary ýetişýär.

Ýakymly pütüniň dermanlyk maksatlary üçin gory ýeterlikdir. Onuň gülleri we oty dermanlyk çig mal bolup hyzmat edýär. Dermanlyk maksatlary üçin ösümlik gülleýiş döwründe ýygnalýar.

Dermanlyk çig mal hökmünde onuň gülleri we ot bölegi ulanylýar, olar ösümlik gülläp oturan döwürde ýygnalýar. Onuň düzüminde 0,94–3,60% efir ýagy (kamfora, limonen, sineol, tuýon, kuman we beýlekiler), saponinler, alkaloidler, kumarinler we flawonoidler bardygy mälimdir. 57 gram guradylan madda boýunça efir ýagynyň mukdary 1,75% bolýar.

Ýakymly pütüniň şiresi, ýagy we efir ekstrakty antibakterial häsiýetlere eýedir.

Ýakymly pütüniň ýakymly ysly we ýertudana tagamly bolmagy, bu ösümligi tagam beriji hökmünde ir-iýmiş gaplananda, konditer we alkogolsyz içgi suwlaryny yslandyrmakda ulanmaga mümkinçilik berýär.

Çeşme: mineco.gov.tm