Astralar (Asteraceae Dumort.) maşgalasynyň wekili, ýaşaýyş şekili boýunça ýarymgyrymsyja, awgust — sentýabr aýlary aralygynda ösüş möwsümi dowam edýär
Balkan ýowşanyň boýy 40 — 80 sm çenli ýetýär. Ol Köpetdag-Horasan arealyna degişli. Efir ýagly ösümlikleriň sanawynda diňe Uly Balkanda iň giň ýaýran görnüşleriň biridir.
Ol daşly eňňitlerde we çagyllaşan gury akabalaryň ugrunda ösýär. Balkan ýowşanyň dikligine saklanýan baldaklarynyň açyk ýaşyl reňki we onuň ýapraklarynyň ýiti limon ysy, ony ýowşanlaryň beýleki görnüşlerinden tapawutlandyrýar.
Derelerden aşaklygyna gaýdýan gury akabalaryň kenar ýakasy Balkan ýowşanynyň has giň ýaýran ýerleridir. Belli bir ýerlerde balkan ýowşanyň 100 m2 meýdançada 40 — 50 sany düýbi hasaba alnyp, olaryň käbirleriniň boýy 80 — 90 sm çenli, ýokary başynyň ini bolsa, 95 — 120 sm ýetýär.
Sapar-çeşme deresinde hem balkan ýowşanyň giň ýaýran ýerlerini görmek bolýar, bu ýerde onuň tutýan meýdany, takmynan, 32 ga barabar boldy.
Balkan ýowşanyň 190 g gury ýaş pürleriniň düzüminde 0,47%, güllän şahalarynyň 275 g gury agramynda bolsa, 0,8% efir ýagynyň bardygy anyklandy. Balkan ýowşanynyň ýerüsti böleginiň güýzki ýygnalan 300 g gury agramyndaky efir ýagy 1,82% deň boldy. Balkan ýowşany gymmatly çig mal ösümligi hasaplanýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Ozal Köpetdag-Horasan arealyna degişli türkmen arçasy barada habar beripdik.

