Uly Balhan daglary Türkmenistanyň demirgazyk günbatar böleginde ýerleşýär. Daglaryň gündogardan günbatara çenli uzynlygy 70 km, ini bolsa takmynan 40 km bolýar. Çöllük bilen gurşalan bu dag etekleri 553 töweregi özboluşly ösümlik görnüşiniň mekany bolup, olaryň 96 görnüşi efir ýagly ösümliklerdir.
Bu gün biz arça agajy, ýa-da başgaça aýdamyzda – türkmen arçasy barada gürrüň ederis.
Türkmenistanda arçanyň iki görnüşi ösýär: türkmen arçasy we zerewşan arçasy. Bu agaçlar efir ýaglaryny hem-de beýleki biologiki işjeň maddalary özünde jemläp, lukmançylykda, bezeg işlerinde, boýagçylykda, azyk we mal iýmiti hökmünde giňden ulanylýar.
Türkmen arçasy (Juniperus turcomanica L.) — serwi agaçlar maşgalasyna (Cupressaceae Bartl.) degişli ösümlikdir. Ol Köpetdag–Horasan daglarynyň endemigi bolup, ýeriň deňiz derejesinden belentligine we ýerleşýän ýerine görä bir gektarda 50–100, käte bolsa 200–300 düýbe çenli duş gelip bilýär.
Türkmen arçasynyň boýy 2–10 metre ýetýär. Uly Balhanda ol dag gerişleriniň gurak, daşly we ownuk daşly ýerlerinde, beýik daglyk zolaklarda ösýär.
Käbir ýerlerde bu ösümlik dag gerişleriniň ösümlik örtüginiň esasy bölegini emele getirip, seýrek tokaý görnüşini döredýär.
Türkmen arçasynyň gabygynyň, şahalarynyň we miwesiniň düzümindäki biologiki işjeň maddalary ylmy lukmançylykda giňden ulanylýar. 300 gram guradylan türkmen arçasynyň düzümindäki efir ýagynyň mukdary miwelerinde 1,35%, gabygynyň düzüminde bolsa 2,55% bolýar. Uly Balhandaky türkmen arçasynda efir ýagynyň mukdary Köpetdagda ösýän nusgalara garanyňda pesdir. Munuň sebäbi Hazar deňziniň golaý bolmagyna garamazdan, ösümligiň zerur çyglylygy alyp bilmeýändigi, daglaryň beýleki dag ulgamlaryndan üzňe ýerleşmegi hem-de töwereginiň çöllük we yssy gurak howa bilen gurşalmagydyr.
Türkmen arçasynyň tebigy şertlerde durnukly ösmegini üpjün etmek üçin, şeýle hem onuň genetiki gaznasyny gorap saklamakdaky kynçylyklaryny hem-de agrotehniki şertlerde örän haýal ösýändigini we onuň gymmatly aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, bu ösümlik 2024-nji ýylyň Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşirine girizildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi saýty

