Turkmenportal logo
30.12.25
1985619856
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda ýurduň estrada ýyldyzlarynyň aýdym-sazly çykyşlary guraldy

Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda ýurduň estrada ýyldyzlarynyň aýdym-sazly çykyşlary guraldy. Baýramçylyk konsertinde çykyş eden Türkmenistanyň halk artisti Guwanç Ýazmämmedowyň, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Nurýagdy Rejebowyň, Eldar Ahmedowyň, Rahman Hudaýberdiýewiň ýerine ýetiren aýdymlary diňleýjiler tarapyndan gyzgyn garşylandy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Geçirilen baýramçylyk konsertine tomaşa edenleriň şowhunly el çarpyşmalary sungat ussatlarynyň çykyşlaryna berilýän ýokary baha hökmünde kabul edildi. 

Ýurtda medeniýetiň we sungatyň ösdürilmegine gönükdirilen ýokary derejeli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, täze sungat eserleri bilen muşdaklaryny begendirýän sungat ussatlarynyň çykyşlary tomaşaçylara ýakymly täsirleri bagyşlady. .

Konsertiň dowamynda häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ulanylmagy Täze ýylyň hormatyna guralýan dabaralaryň köpöwüşginli häsiýete eýe bolýandygynyň, olaryň ýatdan çykmajak şatlyk-şowhuna beslenýändiginiň nobatdaky güwäsine öwrüldi.

Ozal «Turkmenportal» Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda 29-njy dekabrda türkiýeli meşhur aýdymçy Jenk Başyň (Semiçenk) konsertiniň, 27-nji dekabrda eýranly meşhur aýdymçy Araş Labafyň konsertiniň, 28-nji dekabrda russiýaly meşhur aýdymçy Matweý Melnikowyň (Mot) konsertiniň guralandygyny habar beripdi.