Şu gün Aşgabadyň Gyşky oýunlar sport toplumynda eýranly meşhur aýdymçy Araş Labafyň konserti guraldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


Konserte tomaşa etmäge köpsanly aýdym-saz muşdaklary ýygnandylar, olar eýranly dünýä meşhur aýdymçy Araş Labafy şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Şeýle konsertleri guramak Türkmenistandaky ähmiýetli wakalaryň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan we Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän ajaýyp däpleriň birine öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, şeýle konsertleriň yzygiderli geçirilmegi halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine we medeni gatnaşyklaryň işjeňleşmegine ýardam berýär.

Ýeri gelende bellesek, Araş Labaf 1977-nji ýylda Tähranda doguldy. Ol häzirki wagtda maşgalasy bilen Şwesiýada ýaşaýar. Görnükli dünýä ýyldyzy «Broken Angel», «Donya», «Yalla», «One Night in Dubai» ýaly aýdymlary bilen uly meşhurlyk gazandy.

