Şu gün Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda russiýaly meşhur aýdymçy Matweý Melnikowyň (Mot) konserti guraldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Täze ýylyň ýakynlaşyp gelýän günlerinde medeni-dynç alyş maksatly guralýan şeýle çäreler türkmenistanlylaryň ruhubelentligini has-da artdyrýar we olarda aýratyn täsir galdyrýar. Häzirki çäräniň halkara ähmiýetli bolmagy ýaşlaryň medeni özara gatnaşyklarda möhüm orny eýeleýändigine şaýatlyk edýär. Munuň özi halkalaryň dost-doganlygyny pugtalandyrmaga hem ýardam edýär.

«Bu konsert meniň durmuşymda ýatdan çykmajak wakalaryň birine öwrüler. Şu ýerde men aýratyn bir zady belläsim gelýär. Türkmenistana gelenimde men mähirli, güler ýüzli garşylandym. Türkmen halkynyň myhmansöýerligi mende ýakymly duýgulary döretdi. Aşgabat şäheriniň owadanlygy, ak meremere bürenen gözel keşbi Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli guralan konsertde meniň çykyşymyň baý many-mazmunly bolmagyny üpjün etdi, ylhamyma ylham goşdy» diýip, meşhur rus aýdymçysy Matweý Melnikow belleýär.
Ozal 27-nji dekabrda Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda eýranly meşhur aýdymçy Araş Labafyň konsertiniň guralandygyny habar beripdik.

