Turkmenportal logo
26.12.25
1344213442
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lebap welaýatynda öndürilen elektrik energiýasy 4,5 milliard kilowat sagatdan geçdi

Lebap welaýatynda elektrik energiýasynyň öndürilişi yzygiderli artýar. Şu ýylyň başyndan bäri welaýatda 4 milliard 500 million kilowat sagatdan gowrak elektrik energiýasy öndürildi.

Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 152 million kilowat sagat köpdür. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, lebaply energetikler geçen 11 aýda 3,5 göterimlik artyş depginini üpjün etdiler.