Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabatdaky «Mekan» köşgünde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Bitarap Türkmenistanyň ynamly gadamlary» atly dabara geçirildi. Onuň dowamynda döwlet Baştutanynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny, ýurduň raýatlarynyň bir toparyny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakyndaky resminamalara gol çekendigi aýdyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmakda, halkara parahatçylyk we ynanyşmak syýasatyny dünýäde goldamakda we wagyz etmekde uly hyzmatlary, önjeýli döwlet hem-de jemgyýetçilik işleri, köp ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we halal zähmeti nazara alnyp, şeýle-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurduň raýatlarynyň bir topary «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglanyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda:
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Helen Rud;
Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Fuzuli ogly Gozalow;
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ali Mardan Ruzbehani;
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Ýosef Haýnsä;
Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Azatbekowiç Alimow;
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Kirillowiç Wolynkin;
Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Niýatbekzoda;
Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok;
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hirosi Sasaki;
Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işler wagtlaýyn ynanylan wekili Kim Jun Çol;
Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Mulji Mawji Ratna;
Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Artur Tadeusz Andrisýak;
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň döwlet protokoly we halkara gatnaşyklary bölüminiň esasy hünärmeni Baýram Hudaýberdiýewiç Rahimgulyýew;
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory Dawut Saparmämmedowiç Orazsähedow;
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkeziniň okuw-barlaghana bölüminiň lukmançylyk ugry boýunça nemes dili mugallymy Maýa Annaýewna Aşyrowa;
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Daşary syýasy habarlar we sanly diplomatiýa departamentiniň başlygy Altyn Kakajanowna Mommadowa;
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara guramalary departamentiniň birinji sekretary Döwlet Bahtiýarowiç Çotbaýew «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglandy.

