Şu gün Aşgabatdaky «Mekan» köşgünde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Bitarap Türkmenistanyň ynamly gadamlary» atly dabara geçirildi. Oňa Hökümet agzalary, ýurduň diplomatik gullugynyň, halkara guramalaryň, diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, dürli ulgamlarda we pudaklarda zähmet çekýän raýatlar hem-de ýaşlar gatnaşdylar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Dabaranyň geçirilen ýerinde, ilki bilen, medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Soňra dabara gatnaşyjylar bu ýerde guralan giň möçberli sergi bilen tanyşdylar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy R.Bazarow maslahaty açyk diýip yglan edenden soň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili A.Ataýewanyň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň, ABŞ-nyň, Germaniýanyň, Özbegistanyň, Eýranyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň, ýurduň ýaşaýjylarynyň hem-de talyplaryň çykyşlaryna giň orun berildi. Çykyşlarda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara derejesindäki ähmiýeti hem-de ýurduň bu hukuk ýagdaýynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň netijeleriniň uly ähmiýete eýe bolandygy, Türkmenistanyň dünýäniň abraýly halkara guramalary, iri kompaniýalary bilen uzak geljegi nazarlaýan hyzmatdaşlygynyň barha rowaçlanýandygy, ýurduň ösüş-özgerişleri, türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýörelgelerine ygrarlylykda ilerleýändigi uly buýsanç bilen bellenildi.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul edildi.

