Russiýa bilen Iordaniýanyň arasynda 2025-nji ýylyň awgust aýynda gol çekilen wiza düzgünlerini özara ýatyrmak baradaky ylalaşyk güýje girdi — diýip, vc.ru saýty ýazýar.
Täze düzgünlere laýyklykda Russiýanyň raýatlary Iordaniýa wizasyz girip bilerler we bir sapar üçin ýurduň çäginde 30 güne çenli bolup bilerler. Şol bir wagtyň özünde, ýylyň dowamynda umumy bolmak möhleti 90 günden geçmeli däldir.
Ýurda girmek üçin serhetden geçilýän pursatda azyndan alty aý möhleti galan daşary ýurt pasporty zerur bolyp durýar.
Mundan ozal, rus raýatlary wiza resmileşdirmegi howa menziline gelenlerinde ýa-da Iordaniýanyň Içeri işler ministrliginiň saýty arkaly amala aşyrýardylar. Bir gezeklik wiza bir aý dowam edýärdi we ol 40 dinar (2025-nji ýylyň 13-nji dekabryndaky hümmet boýunça takmynan 4498 rubl) durýardy. Mundan başga-da, iki gezeklik, köp gezeklik hem-de alty aýlyk, bir ýyllyk we bäş ýyllyk uzak möhletli wizalar hem bardy.

