Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, şeýle hem daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalarynyň, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalarynyň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, daşary syýasat edarasynyň işgärleri, halypa diplomatlar, professor-mugallymlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.

Dabarada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky (Nýu-Ýork ş.) hemişelik wekili, Türkmenistanyň Gahrymany Aksoltan Ataýewanyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadzeniň çykyşlary diňlenildi. Çykyşlarda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň täze kitabynyň ýokary ähmiýeti nygtaldy. Şunda bu eseriň parahatçylyk söýüjilige ýugrulan hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerini, milli diplomatiýanyň köklerini öwrenmekde gymmatly çeşme bolup hyzmat etjekdigi aýratyn bellenildi.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň çäklerinde institutyň eýwanynda sergi ýaýbaňlandyrylyp, türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik ýörelgelerini, hemişelik Bitaraplygyň ähmiýetini wagyz edýän amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklary görkezildi.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenme kabul edildi.
