Geljek 2026-njy ýylda Türkmenistanyň daşary syýasat we diplomatiýa işiniň esasy wezipesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen Kararnamalary öňe sürmek we durmuşa geçirmek bolup durýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti 6-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde belledi.
TDH-de habar berlişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça degişli işleri alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany «Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy» strategiki maslahat beriş geňeşiniň möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýratyn belledi.
Goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklar ileri tutulýan ugur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky, şeýle hem hazarýaka sebitindäki döwletler bilen doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklary berkitmegi dowam etjekdigini, şeýle hem Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýän döwletler bilen ykdysady, energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam etjekdigini aýtdy.
Türkmenistan Günorta Aziýanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürer. Häzirki döwürde bu sebitlerde ählumumy ykdysady we tehnologik ösüşler gazanylýar diýip, döwlet Baştutany belledi we bu sebitleriň ýurtlarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga hem uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.
Aziýadan Ýewropa ulag-üstaşyr geçelgesiniň bölegi bolan «Beýik Ýüpek ýoly» strategiýasyny amala aşyrmagyň üstünde-de degişli işleri ýerine ýetirmelidigini, Ýewropanyň ýurtlary bilen birek-birege hormat goýmaga esaslanýan, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegi hem dowam etmelidigini, şol ýurtlar bilen ýokary tehnologiýalar ulgamynda, «ýaşyl energetika» geçmekde, emeli intellekti ornaşdyrmakda hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn üns bermelidigini döwlet Baştutany çykyşynda belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Demirgazyk we Günorta Amerikanyň, Afrika kontinentiniň döwletleri bilen hem gatnaşyklar yzygiderli ösdürilmelidigini nygtady.
