Turkmenportal logo
06.12.25
2566325663
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Sadyr Žaparowy doglan güni bilen gutlady 

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

«Gyrgyz Respublikasy Siziň öňdengörüjilikli, ynamly ýolbaşçylygyňyzda döwlet gurluşyny pugtalandyrmakda, jemgyýetçilik-ykdysady ösüşde hem-de halkara derejede ýurduň abraýyny has-da belende galdyrmakda uly üstünlikleri gazanmagyny dowam etdirýär» diýlip, hatda bellenilýär. 

Döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň işjeň we netijeli häsiýetini belläp, ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge Prezident Sadyr Žaparowyň aýratyn üns berýändigini hem-de şahsy goşandyny nygtady.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Sadyr Žaparowa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Gyrgyzystanyň halkynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.