Turkmenportal logo
01.12.25
2285222852
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Tailandyň Patyşasyna hem-de Indoneziýanyň Prezidentine  gynanç hatlaryny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna ýurtda, Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Prabowo Subianto ýurduň Sumatra welaýatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň  köpsanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Döwlet Baştutany şu kynçylykly pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.