Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ylmy ugurlarda intellektual eýeçiligiň görnüşi bolan ylmy-barlag, taslama-gözleg, tejribe konstruktorçylyk we tejribe-tehnologik işleri netijelerine bolan eýeçiligi düzgünleşdirýän «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Resminama çap edilen gününden güýje girýär diýip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Ylmy intellektual eýeçilik hukugy onuň eýesiniň öz işläp taýýarlan ylmy teklipleriniň bildirilýän talaplara laýyk gelýän obýekt görnüşine getirilen netijelerine öz isleýşine görä eýelik etmäge, ondan peýdalanmaga we oňa ygtyýar etmäge kanun arkaly ykrar edilen hem-de goralýan mümkinçiligiň berilmeginden ybaratdyr. Ylmy işleriň netijelerini onuň awtorynyň, eýesiniň rugsady bolmazdan hiç kimiň peýdalanmaga hukugy ýokdur. Ylmy maksatlar üçin (dissertasiýada, monografiýada, ylmy makalada we beýleki ylmy işlerde), bellenen tertipde salgylanmak bilen, awtoryň rugsady bolmazdan çäkli peýdalanmaga kanunçylykda kesgitlenen esaslarda ýol berilýär.
Ylmy intellektual eýeçiligiň obýektini işläp taýýarlaýjynyň (döredijiniň) raýat-hukuk şertnamasyna, zähmet şertnamasyna ýa-da köpçülikleýin şertnama (ylalaşyga) laýyklykda töleg almaga hukugy bardyr. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bu hukuk miras boýunça geçýär.
Ylmy intellektual eýeçilik çygrynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda çözülýär.
Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
Kanunyň doly mazmuny bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.
