Kerki etrabynyň merkezi kitaphanasynyň işe girizilmeginiň 100 ýyllygy mynasybetli şu medeni ojakda dabaraly çäre geçirildi. Oňa welaýat kitaphanasynyň tejribeli işgärleri, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda ýurtda täze çapdan çykan kitaplar bilen birlikde ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan amerikan ýazyjylarynyň çagalar üçin niýetlenilen eserleriniň türkmen diline terjime edilen ýygyndylary kitaphananyň gaznasyna gowşuryldy. Bu şatlykly waka baýramçylyk çäresine özboluşly öwüşgin çaýdy.
Häzirki wagtda Kerki etrabynyň merkezi kitaphanasynyň we onuň şahamçalarynyň gaznasynda kitaplaryň 93074 sanysy bar. Kitap hazynasyna gelip gowuşýan dürli dildäki kitaplar okyjylaryň sanynyň artmagyna uly ýardam berýär. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berdi.
