Şu ýylyň 5-nji dekabryndan başlap baýramçylyk söwdalaryny ýurduň welaýatlarynda hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýerleşýän söwda merkezlerinde, bazarlarda, dükanlarda ýola goýmak hem-de göçme söwda nokatlaryny guramak göz öňünde tutulýar. Bu barada, ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýewiň söwda toplumy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli görülýän taýýarlyk işleri baradaky hasabatynda bellenildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlendi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy bilen baglylykda, bazarlarda ilatyň dürli önümlere bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak üçin degişli çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutany göçme söwda nokatlaryny guramagyň, bazarlary we dükanlary azyk, şol sanda gök-bakja we miwe önümleri bilen üpjün etmegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
