27-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow horwatiýaly we şri-lankaly kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.
Telefon arkaly söhbetdeşlikleriň dowamynda taraplar 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp geçiriljek halkara forumyň guramaçylygy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministri Gordan Grliç-Radman bilen bolan telefon arkaly söhbetdeşlikde ministrler Türkmenistanyň we Horwatiýa Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn görnüşde hem-de köptaraplaýyn düzümleriň, hususan-da, ÝB-niň we BMG-niň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem şu ýylyň oktýabrynda Gordan Grliç-Radmanyň Aşgabada amala aşyran saparynyň netijeli geçendigi bellenildi. Saparyň çäklerinde Horwatiýanyň Daşary işler ministri Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.
Şri-Lankanyň daşary işler, daşary ýurtlarda iş üpjünçiligi we syýahatçylyk ministri Widjitha Herat bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň netijeliligi aýratyn bellenildi diýlip, habarda bellenilýär.
