«RŽD-Medisina» ulgamynyň lukmanlar topary «Missiýa dobro» («Ýagşylyk sapary») halkara meýletinçilik maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistana sapar etdi.
Saparyň dowamynda RF-dan gelen lukmanlar ýurduň öňdebaryjy lukmançylyk edaralaryna, şol sanda Halkara göz kesellerini bejeriş merkezine, Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezine, Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezi hassahanasyna, Enäniň-çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezine baryp gördüler.
«RŽD» APJ-niň Merkezi saglygy goraýyş müdirliginiň lukmançylyk öňüni alyş we sagdyn durmuş ýörelgesi boýunça baş inspektory Ýuliýa Balakinanyň habar berşi ýaly, Russiýanyň hünärmenleri 120-den gowrak näsagy barlap, alty operasiýa geçirdiler. Şunda newrologiýa ugruna uly üns berildi. Lukmanlar şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary we türkmen kärdeşleri üçin leksiýalary okadylar.
«Türkmenistandaky lukmançylyk edaralarynyň häzirki zaman enjamlaşdyrylyşy, olaryň ajaýyp binagärligi we täze merkezleriň gerimi bizi haýran galdyrdy. Tehnologik üpjünçilik iň ýokary derejede» — diýip, «RŽD-Medisina» ulgamynyň wekili belledi.
Onuň sözlerine görä, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde geçirilen resmi duşuşykda taraplar mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini, şol sanda hünärmenleriň tejribe alyşmak we iş tejribesini paýlaşmak boýunça meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
